Рет қаралды 20,875
Ýakynda raýat aktiwistleriniň biri Maksat Baýmyradow Türkiýäniň kanunlarynyň we halkara konwensiýalarynyň normalaryna ters gelýän bikanun ýagdaýda Türkiýeden Türkmenistana deportasiýa edildi. Bu barada onuň adwokatlary alada bildirip, habar berdiler. Bu waka bilen bir wagtda diýen ýaly Nurmyrat Bazarow atly ýene bir raýat aktiwisti Stambul şäherinde ýitirim boldy. Onuň bilen gatnaşykdaky adamlar indi birnäçe gün bäri Bazarowyň telefon nomerleriniň öçürülgidigini we onuň sosial ulgamlardaky sahypalarynyňam birdenkä ýapylandygyny aýdýarlar. Bu wakalaryň fonunda raýat aktiwistlerini her edip hesip edip abraýdan düşürmek we olaryn alyp barýan işlerine päsgel bermek üçin gurnalýan prowokasiýa çärelerem kem-kem güýçlenýär. Bu zatlaryň aňyrsynda kimler we nähili planlar bolup biler? Bu gezekki gepleşigimizde biz şu wakalara syn berýäris.
--------------------------------------
Habarlaşmak üçin biziň elektron adresimiz: azatturkmen2020@gmail.com
***
Ynsan hukuklaryny goraýjy käbir toparlaryň saýtlary. Bu toparlaryň kontakt salgylaryny-da su saýtlardan tapyp bilersiňiz:
www.hronikatm.com/
turkmen.news/
tmhelsinki.org/
www.mazlumder.org
www.umhd.org.tr/
www.ozgurder.org