Kerim Gurbannepesow - Döwür Şeyle Döwür

  Рет қаралды 47,832

Ylham Çeşmesi

Ylham Çeşmesi

4 жыл бұрын

#Ylham çesmesi
#Kerim Gurbannepesow
#Döwür Şeyle Döwür
#GoşgularÇemeni
- A-gyz, näme, hanmydyň sen! Geýinýärsiň beýle
gymmat?
Her ýaglygyň - iki goýun. Her ýüzügiň - bir bedew at.
Her köýnegiň bahasyna alyp boljak iki sygyr.
- Iller geýýär, menem geýjek.
Döwür şeýle, döwür.
Gelin, näme dänjirýärsiň? Çüýredimi öňki dişiň?
Altyn seni ýigdeltmändir: kyrk bolupdyr otuz ýaşyň.
Hem pul seçdiň, hem garradyň, hem dişiňe berdiň
jebir...
- Iller şeýdýär, bizem şeýtdik,
Döwür şeýle, döwür.
* * *
- A-how ýigit, bu nä boluş! Ýeňsäň saçy iki gujak!
Bu gün-erte ogluň bolsa, sallançak hem ýasap boljak.
Hany derrew il görmänkä sertaraşa tarap ýüwür!
- Iller şeýdýär, menem şeýtdim.
Döwür şeýle, döwür.
- Men-ä seni tanamadym. Gözleriň-ä örän tanyş
Wiý, wiý, Berdiň gyzymy sen! Saçyň näme ýarty garyş
Dört örümiň şemal degse seslenerdi şowur-şowur,
- Iller kesdi, menem kesdim
Döwür şeýle, döwür.
* * *
Goňşym diýdi: «Toýdan bäri iş edenok oglum Anna
Ogluň Anna iş edermi! Öýün goşy - dokuz tonna
Ojakda-da öweç eti bylkyldap dur bygyr-bygyr...
-Wah, şeýdýäs-dä... Biz guraly!
Döwür şeýle, döwür.
-Dur, dur gardaş! Konwertiňi atma poçta ýaşigine
Işligini görmesem-de, seredeýin daşlygyna.
Muň yzynda goluň ýok-la! Näme barka, için çöwür?!
- Çöwürmäge gaýrat ýokdur.
Döwür şeýle, döwür.
* * *
- Şägirt inim, eserleriň setir sany çykdy çenden
Kitaplaryň galňadykça, okalýarsyň günbe-günden!
Setirleriň arasynda ne ýürek bar, ne-de bagyr...
- Şu günki öýken... besdir maňa.
Döwür şeýle, döwür.
Omzy bilen bir gojany kakyp geçdi daýaw oglan.
- Ýeri köçä sygaňokmy, garynjygy doýan oglan?
Degmedige ýylanlaram degmezmişin ömür-ömür.
O diýýäniň ertekidir.
Döwur şeýle, döwür.
* * *
Aýna bakyp bezenip dur çynar boýly Ogulsenem.
- Hanha seret, hamyry-da ýugrup otyr syrkaw eneň.
Hany derrew eliň ýuw-da, iýjek nanyň özüň ýugur!
- Ejem jandan aýlanaýyn!
Döwür şeýle, döwür.
* * *
Iki mellek ortasynda gygyrşyp dur iki goňşy.
Ýeke garyş ýer üstünde turýar «watançylyk» urşy,
- Agam, sen bir parhlyrak bol, nämä gerek munça
wagyr?
- Parhly bolsaň nyrhyň bolmaz.
Döwür şeýle, döwür.
* * *
- On otagly köşk gurupsyň. Keşşik aga, berekella!
Ýöne bu on... köpräk dälmi dört-bäş sany gara kellä?
Görýän weli, bir aýlyk däl: kisejigiň örän agyr.
- Aýlyk bilen iş bitenok.
Döwür şeýle, döwür.
* * *
- «Moskwiçli», Žigulili» köp duşupdyň uly ýolda.
Bu gün bolsa garažyňda lowurdap dur mele «Wolga».
Bir başyňa nämä gerek munça rul, munça tigir?
- Satýas, alýas... Alýas, satýas...
Döwür şeýle, döwür.
* * *
- Köşek, nirä howlugýarsyň? Ajalamy? Jenaýata?
Kabinaňda - mele gelin. Özüň bolsa - juwan ata.
Bäş-on minut giç barsaň-da, toý eýesi eder sabyr...
- Döwre görä sürmek gerek.
Döwür ýyndam, döwür.
* * *
- Aý, goňşy jan jan, aýaklaryň kesildi-le
işigmizden
Ozallar-a tä ýatýançak düşmezdiňem düşegmizden.
Ýatlaşardyk geçenleri. Okaşardyk goşgy-şygyr.
- Şygyr-pygyr ýatdan çykdy.
Döwür şeýle, Döwür.
* * *
- Magaziniň takrap ýatyr. Planyň hem uklap ýatyr.
Gerek zady, geçgel zady haçan aljak, Mämmet müdir?
Bu gün-bu gün, ertir-ertir. Gutardy-la takat-sabyr.
- Zat bermeseň - zat berlenok.
Döwür şeýle, Döwür.
* * *
- A-haw, dogan, düýn dälmidi öz dostuňa wepaň hakda
Güp-güp edip, gant deregne ant içýärdiň tokga-tokga.
Indem dosta şyltak atyp, dübläp ýörsüň gübür-gübür
- Işim bitdi. Antym ýitdi.
Döwür şeýle, döwür.
* * *
Öňümden bir ýigit çykdy ýetmiş ýaşly garry ýaly.
Düýnem daýaw bir ýigitdi dagda biten gargy ýaly.
Bu gün bolsa garynja dek zordan ýörýär
gybyr-gybyr...
- Şahyr, ýör bir... üçleşeli
Döwür şeýle, döwür.
* * *
Soradym men Döwre bakyp.: «Dogrudanam, şeýlemiň
sen?
Hany antyň? Hany haýaň? Serhoşmyň, sen? Telbemiň
sen?»
Döwür maňa jogap berdi: «Men hemişe size bagly.
Ulaldýan hem adam ogly, kiçeldýän hem adam ogly.
Biri çekýär ýagta tarap, biri çekýär gijä tarap -
Uly çekýär ula tarap, kiçi çekýär kiçä tarap.
Ýagşylara arka durdum, ýamanlary gaýgyrmadym.
Dogrulyga çagyrdym men, egrilige çagyrmadym.
Ýalan gepi diý diýmedim. Döwlet pulun iý diýmedim.
Iki sygryň bahasyny köýnek edip geý diýmedim.
Münmek üçin maşyn berdim, ýüz elliden bas
diýmedim.
Daranmaga darak berdim, dort örümiň kes diýmedim.
Dynç almaga wagt berdim, okamaga - bagt berdim.
Jübiňizden hak almadym, öz kisämden mugt berdim.
Bugdaýňyzy orup berdim, pagtaňyzy ýygyp berdim.
Her gün içjek süýdüňizem güjürdedip sagyp
berdim.
Söýüşseňiz - ýigit berdim, söýülseňiz - gözel berdim
Lak atmaga söz tapmasaň - goşgy berdim, gazal
berdim.
Dertleseňiz - derman berdim, işleseňiz - zähmet
berdim.
Ýaşamaga al baýdakly, adalatly Döwlet berdim.
Bezedim men egniňizi, doýurdym men garnyňyzy.
Ýöne weli käbiriňiz ýelä tutup burnuňyzy,
Bar garany maňa sürtüp,
Etseňiz-de uly gowur,
Dünýe döräp bolan däldir.
Meniň ýaly Uly döwür...
Siz etmeli ömri ömür,
Siz etmeli döwri döwür!»
/ ylhamcesmesi123
/ ylhamcesmesi
/ ylhamcesmesi

Пікірлер: 40
@misterd6129
@misterd6129 3 жыл бұрын
Akyl berilen shahyr boldyn Kerim aga. Yatan yerin yagty bolsun!!!
@sukurjankurbanova5644
@sukurjankurbanova5644 Жыл бұрын
Sahyryn gosgusunu bu günlerde dinlan barmy yatdan bilen barmy menin yaly emeğine sağlık sahyrym mekanın cennet olsun
@AtajanAbdyyew-pg1cb
@AtajanAbdyyew-pg1cb 26 күн бұрын
Yatan yerin yagty bolsun Kerim akga❤❤❤❤
@akmuhammedashyrov2498
@akmuhammedashyrov2498 3 жыл бұрын
Керим шахырын оз сесинден динлемек башгача Спс сизе 🙏 👍👍👍👍👍
@dowrannuryyew4500
@dowrannuryyew4500 9 ай бұрын
Vah😢
@merdandurdyyew7643
@merdandurdyyew7643 3 жыл бұрын
Wah,sesiñe döneli,ussadymyz,ägirdimiz.edebiyatymyzyñ pälwany.döwürleriñ danasy.kalbymyzda yaşarsyñ.
@mergenrahymow4979
@mergenrahymow4979 2 жыл бұрын
Kerim aga sag bol wesyetine.
@smokeweed1027
@smokeweed1027 4 жыл бұрын
Goshga nache yyl boldy, a dowur bolsa sheyle dowur!
@user-wo1yb1iy6b
@user-wo1yb1iy6b 7 ай бұрын
Kerim aga ýatan yerin yagty bolsun bu aydysyn yally eger bolsadyda dowur😢
@bayramjumayew6443
@bayramjumayew6443 3 жыл бұрын
😔😔😔😭😭😭gaty dogry aýdylan goşky döwri döwir etjek diňe halk gaty dogry aýdylan gosky😔😔😔😢😢😢😭😭
@user-rv9ju4cl3p
@user-rv9ju4cl3p 9 ай бұрын
❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤😢😢😢😢😢😢😢😢
@user-qb3pt6ku8i
@user-qb3pt6ku8i 3 ай бұрын
Beyik şahyr
@garik5442
@garik5442 3 жыл бұрын
Her setirinde, her sözünde many. Hakyky goşgy, akyl satma yok. Aýdara sözem yok, diñe goşga ùns berip diñläymeli
@arslansultanow8317
@arslansultanow8317 3 жыл бұрын
Kerim shahyr diline doneýin
@atashesenow6120
@atashesenow6120 4 жыл бұрын
Sagjanol dos
@sergeyberezhnoy4665
@sergeyberezhnoy4665 3 жыл бұрын
Kerim Gurbanepesowyn diyen dowri geldi
@millionlove1962
@millionlove1962 3 жыл бұрын
Hakyky gelli şol dowur
@mahridurdiyewa2203
@mahridurdiyewa2203 3 жыл бұрын
Çemäňe. Berekella
@user-ye3qd3lc1g
@user-ye3qd3lc1g 3 жыл бұрын
Наме дийжегимем било ок, просто сунгат!
@shirinagurbanova7530
@shirinagurbanova7530 3 жыл бұрын
Hakyky👏👏👏
@basimdanatarow5682
@basimdanatarow5682 4 жыл бұрын
100%
@turkmenogly3877
@turkmenogly3877 3 жыл бұрын
👍👍👍
@user-kt3fv8bp5b
@user-kt3fv8bp5b 4 жыл бұрын
Хакы молодец
@maysanurgeldiyewa482
@maysanurgeldiyewa482 4 жыл бұрын
👍😓😓
@asmr_tiktok022
@asmr_tiktok022 3 жыл бұрын
Añsatjak, amatly, naharlar, süýjilikler, salatlar, öwrenesiňiz gelýärmi? Onda meniň kanalyma goşulup bilersiňiz🌿
@elinausanova2761
@elinausanova2761 13 күн бұрын
Shol vagtynyn dovri bn hazirki dovri deneshdirse ondanam beter boldy dovur🥺
@behrozturk284
@behrozturk284 3 жыл бұрын
😢😢😢
@user-tl4in6kj8j
@user-tl4in6kj8j 3 жыл бұрын
💯✔️✔️✔️
@user-md3ki4wi5x
@user-md3ki4wi5x 3 жыл бұрын
Честь имею
@sirinanazarova6189
@sirinanazarova6189 3 жыл бұрын
Aiii sawww gaty gou goshgai
@asmr_tiktok022
@asmr_tiktok022 3 жыл бұрын
Añsatjak, amatly, naharlar, süýjilikler, salatlar, öwrenesiňiz gelýärmi? Onda meniň kanalyma goşulup bilersiňiz🍃
@otabekannaguliyev4149
@otabekannaguliyev4149 Жыл бұрын
2023 динглайан
@MulkamanDanatarow-cr6ep
@MulkamanDanatarow-cr6ep 3 ай бұрын
2024 de
@user-lg9vm5nl6i
@user-lg9vm5nl6i 3 жыл бұрын
Керим аган гошгысына ашыгына саз душегини гойман хачан озунуз дузенизде гошгынызын душегине симфония гойун
@dilsizsahir
@dilsizsahir 3 жыл бұрын
Goysalarda sesini pes goysunlar. Goşgy eşidilenok. 😁
@dilsizsahir
@dilsizsahir 3 жыл бұрын
Oglanlar, fon sazyny gayrat edip peseldiň. Yşk bilen diňleýäs...
@akmuhammedashyrov2498
@akmuhammedashyrov2498 3 жыл бұрын
Керим шахырын гошгуларны озунден башгалар окаса динлемек кын себаби озлери язан ялы чишип окаялар йоне Кадыр Атабайев говы окаяр 👍👍👍👍👍
@ybrayymmamiyev1892
@ybrayymmamiyev1892 3 жыл бұрын
Yazylyan yazgyda yalñyşlyk kän😣
@erkinturkmenistantv-radio8451
@erkinturkmenistantv-radio8451 3 ай бұрын
Начало нового туркменского рабства... Täze türkmen gulçulygy… kzfaq.info/get/bejne/odNiqpportubk6M.html
@ao9889h
@ao9889h 3 жыл бұрын
Her boku iyiň soňam dowur şeyle dowur diyiň😒😒 goşgyn manysy
Kerim Gurbannepesow-Ýazmasy agyr düşen goşgy.
8:01
Ylham Çeşmesi
Рет қаралды 253 М.
Magtymguly Pyragy  gelse gerekdir
11:02
Yslamtm
Рет қаралды 797 М.
ИРИНА КАЙРАТОВНА - АЙДАХАР (БЕКА) [MV]
02:51
ГОСТ ENTERTAINMENT
Рет қаралды 14 МЛН
ROCK PAPER SCISSOR! (55 MLN SUBS!) feat @PANDAGIRLOFFICIAL #shorts
00:31
Vivaan  Tanya once again pranked Papa 🤣😇🤣
00:10
seema lamba
Рет қаралды 33 МЛН
Bally molla | Radio oyun
56:41
mukam
Рет қаралды 12 М.
Kerim Gurbannepesow   -  Ol enedir, ynsanlaryň belendi... | Sowal-Jogap
10:37
Yaslyk dramasy Kerim Gurbannepesow
7:40
Turkmen halk aydymlary
Рет қаралды 9 М.
Bagt-Baýlykda  däl ...... | Goşgy
5:00
Ylham Çeşmesi
Рет қаралды 3,3 М.
🤩 Kerim Gurbanalyyew-HALK AYDYMLARY 🤩
52:08
Sungatym-mirasym.
Рет қаралды 27 М.
Mahtumkulu Firâki - Gelse Gerektir
10:33
Chamil Basayev
Рет қаралды 61 М.
Kerim Gurbannepesow - Gosgular toplumy 1 (öz sesinden)
30:45
Ahmet Meredov
Рет қаралды 38 М.
Hemra agamyz anikdot
7:45
Kivanç Isankuly
Рет қаралды 365 М.
Kerim Gurbannepesow -Ýazmasy has agyr düşen goşgy
12:46
Ylham Çeşmesi
Рет қаралды 81 М.
ИРИНА КАЙРАТОВНА - АЙДАХАР (БЕКА) [MV]
02:51
ГОСТ ENTERTAINMENT
Рет қаралды 14 МЛН