Рет қаралды 7,653
*Terjime: Kerim Gurbannepesow
***Hemaýatkär: kesewi.com/
*Like goý! Teswir ýaz! Paýlaş! Goşul!
***************************************************
Kanalymyza goldaw bermek üçin(For Support):
*PayPal: thesyn.tv@gmail.com
*Patreon: / syn_tv
*Bitcoin adres: bc1qlwkcffmr3tsstllcsewj7tekfvtms9ygk5hk5r
*Ethereum adres: 0x1505432fCf9DAEf743DDCef6d09965D13c2113cD
****************************************************************************
DUÝDURYŞ: Wideony ulanjak bolsaňyz hökmany suratda instagram we youtube kanalymyza gönükdirme ediň!
*KZfaq: SYN TV turkmen
*Instagram: @syn.tv
*************************
Hindi şahyry Ugradan
Çagalaryň güýmenjesi, karary,
Jahyllaryň kellesiniň humary,
Gojalaryň ýaş soňunda mydary, men - Rupiýa.
Adamlar güýjüme, erkime boýun,
Salýaryn başlarna müň dürli oýun.
Hiç haçan göwnümi ýykan däldirler,
Meniň diýenimden çykan däldirler.
Bütin dünýä zulumyma tabyndyr,
Bir zat diýsem, aýdan sözüm kanundyr.
Dünýäni düňdermek ýanymda hiçdir,
Meň güýjüm ýer şaryn üýtgedýän güýçdür.
Adamyň häsýeti baglydyr maňa,
Ähli diýenimi etdirýän oňa.
Ony döredýän-de, bozýan-da özüm,
Ony eredýän-de, cozýan-da özüm,
Men - Rupiýa.
Eger şu dünýäde taňry bar bolsa, Taňry mendirin
Söýgi bar bolsa, Söýgi mendirin.
Din hem bar bolsa, Din-de mendirin.
Hakykat men; güýç-gudrat men, huda men,
Pähim-paýhas, zowky-sapa, pida men.
Şu dünýä men, o dünýe men, eşret men.
Şatlyk, gülki, muşakgat men, ezýet men.
Sesim keramatly lezzetden doly,
Dünýäde ses bolmaz meň sesim ýaly.
Gözel gyzlaň gülküsinde, näzinde,
Mridangaň, sitaranyň sazynda
şeýle lezzet barmydyr?
Tüýdügiň, dombraň dürli sesinde,
Dünýä owazlarnyň ählijesinde
şeýle lezzet barmydyr?
Ýedi notaň hemmesinden ötüren
Iň lezzetli Sekizinji nota men.
Eý, siz, Gita uýýanlar,
Çanda-sapdaşata hormat goýýanlar.
Hudaý diýýänler,
«Mahabharataňy» teswir edýänler,
«Ramaýanany» söýýänler,
Diňe maňa alkyş okap,
Meň wagzyma gulak goýuň. Meň öňümde tagzym edip,
Meni söýüň, Meni söýüň!
Meni taňry diýip biliň, Öz köşgümiň gapysyny
Giň açaýyn, bärik geliň!
Öldürýän-de özümdirin, galdyrýan-da özümdirin.
Gülledýän-de özümdirin, soldurýan-da özümdirin,
Agladýan-da özümdirin, güldürýän-de özümdirin.
Hoşroý-da özümdirin,bedroý-da özümdirin,
men - Rupiýa.
Maňa näçe ýigrenç bilen baksaň-da
Gurbakga dek tumşugyma kaksaň-da,
Meň garşyma pitne turzup çyksaň-da,
Etjek zadyň ýokdur. Dünýäň zory men,
Ülkäň, rajy men, zemindary men,
Ähli hökümdarlaň hökümdary men,
Dünýäniň taňrysy - biribary men, men - Rupiýa.
Hudaýda-da ýokdur mendäki ýaly
Şeýle haýyr-kerem, şeýle sahawat.
Hudaýda-da ýokdur mendäki ýaly
Şeýle hoşzybanlyk, şeýle mylakat.
Geçip gitdi ham-hyýallaň döwrany,
Meniň döwrüm üýtgeşdirdi dünýäni.
Meniň Döwrüm - täsin işleň zamany,
Ýeke özüm bütin dünýäň soltany.
Hemme zatlar dyza çökýär öňümde,
Hudaý dagy nämejikmiş deňimde.
Men - Rupiýa.
Jübiňde men bolsam, günä ýokmaz hiç,
Taňryň özem diýeniňden çykmaz hiç,
Nirä gitseň, meni al-da gidiber,
Näme etseň, edenini ediber -
Adam kellelerin kakyşdyrjakmy,
Ýagyn erdip, süňkün ýakyşdyrjakmy,
Ýa-da döwletleri çagajyk ýaly,
Biri-birisine çakyşdyrjakmy,
Isläniň ediber, gorkujy bolma,
Wyždany, ynsaby ýadyňa salma!
Dünýä bir bazardyr, edeniň etgin,
Aýallaň namysyn depgiläp gitgin.
Lezzet al dullaryň nalalaryndan,
Olaň ýetim galan balalaryndan,
Lezzet al gojadan, işsiz hassadan,
Lezzet al hasratdan, gaýgy-gussadan.
Älemde gaý turup, kyýamat gopdyr,
Isleseň, Güni-de okundan sypdyr.
Bileniňden galma, edeniňi et,
Diňe meň güýjümden taparsyň medet.
Dünýäde deňi ýok hümmetim bardyr
Taňrydan ozduran gudratym bardyr,
men - Rupiýa.