Kerim Gurbannepesow - Ömrüme Pent

  Рет қаралды 20,683

Ylham Çeşmesi

Ylham Çeşmesi

4 жыл бұрын

#Kerim gurbannepesow -Ömrüme Pent
#Ylham çesmesi
SerpaýGoşgylarÇemeni
#goşgylar
Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp,
çykyp,
çümüp git.
Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.
Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda - çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda - tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseň, dodagyna damyp git.
Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek
ýele garşy yňyp git.
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.
Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma,
Alaňdan soň - gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse -
gözlerňi hem gysganma,
Birin ber-de,
biri bilen oňup git.
Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý -
Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.
Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa - kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäş telpegi
bir gyňaja daňyp git.
Gözelligi
sor bagryňa, öýkenňe.
Söýülseň söý, söýülmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.
Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,
Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.
Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň -
Bir
oguldan
ýeňilip hem ýeňip git.
Ýeňsin ogul
dil bilen däl, iş bilen,
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeňse ogul -
gözüň rahat ýumup git.
Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,
Bir aglapdyň. Indi beri aglama:
Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatyňda mele ýere sümüp git.
Dünýä gelmegiň-de
nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiň-de
nobaty ýagşy.
Men diňe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyň gonup git.
Başarsaň - köplügiň içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan - tanyş.
«Žiguliň» içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen awtobusa münüp git.
Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman -
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp,
çar tarapa eňip git.
Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem -
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
Gadamyň giňden ur!
Entekler ellem
Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.
Haly wagtyň meňzemegin kilime,
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime -
Içi közli ojar ýaly sönüp git.
Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siňip git.
/ ylhamcesmesi
/ ylhamcesmesi123
/ ylhamcesmesi

Пікірлер: 25
@batyratayew1524
@batyratayew1524 5 ай бұрын
Hany o günler dost
@user-jt1cy7ux5o
@user-jt1cy7ux5o 6 ай бұрын
Жайыг женнет болсин Бизе гоян несихатлы гошглариг учин миннетдар . Туркмениг 2жи Магтымгулысы.
@user-gi8eb7ij5e
@user-gi8eb7ij5e 6 ай бұрын
❤❤👍👍
@BabajanBegenjow-xc2uc
@BabajanBegenjow-xc2uc Ай бұрын
Ine hakyky gosgu
@dovrannazarov
@dovrannazarov 11 ай бұрын
👍🇹🇲
@HudayberdiKuvatov1
@HudayberdiKuvatov1 3 ай бұрын
2024
@elinausanova2761
@elinausanova2761 28 күн бұрын
🥺🥺🥺🥺
@persukgoshanyyazow552
@persukgoshanyyazow552 3 жыл бұрын
Döneýin türkmenlerime
@alarabrd1747
@alarabrd1747 Жыл бұрын
❤❤❤❤❤❤
@user-jt1cy7ux5o
@user-jt1cy7ux5o Жыл бұрын
❤❤❤❤
@EsatOktay-ff3zj
@EsatOktay-ff3zj Жыл бұрын
☃️
@user-vm4id7hn5r
@user-vm4id7hn5r Жыл бұрын
@AbdymuhametKoshekow
@AbdymuhametKoshekow 2 ай бұрын
Beyik Yazyjy
@user-sz8rn3vb1l
@user-sz8rn3vb1l 2 жыл бұрын
👍👍👍
@begoglu4537
@begoglu4537 3 жыл бұрын
👍👍👍👍👍👍🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲
@arislanamangeldiyev4868
@arislanamangeldiyev4868 3 жыл бұрын
👍👍👍👍
@user-ko9zw7er9c
@user-ko9zw7er9c 3 жыл бұрын
👍
@tahyrorayew6968
@tahyrorayew6968 4 жыл бұрын
❤️🇹🇲❤️🇹🇲❤️❤️
@user-pu2nb1xw8t
@user-pu2nb1xw8t 4 жыл бұрын
😍😍😍🙏
@shatlyk.kullayew
@shatlyk.kullayew 3 жыл бұрын
👍👍👍👍👍🇹🇲
@gozelkarimova2976
@gozelkarimova2976 2 жыл бұрын
turkmen dili mugallymym barda jumatch berdiyewa diyip yaman gowy goryadim hemishe b.hudaynazarowyn goshgylaryny bize her sapagymyzda okap beryadi turkmen dilime doneyin hemmanize gowylyklar ve ustunlik hemishe sag amanja gowy bahtly gunlerde gorusheli
@YERCHEKEN
@YERCHEKEN 2 ай бұрын
Ýeňsin ogluň dili bilen däl iş bn, Seňka ğörä has yitiräk huş bilen. Ayak dalde parasatly baş bilen, Ýeňsin ogul göziň rahat yumup git.
@sadapmyradowa7998
@sadapmyradowa7998 2 жыл бұрын
👍👍👍
@gulsathas9960
@gulsathas9960 3 жыл бұрын
❤❤❤❤❤❤
@user-wx7fj2es1b
@user-wx7fj2es1b 3 жыл бұрын
👍👍👍
Kerim Gurbannepesow - Döwür Şeyle Döwür
6:54
Ylham Çeşmesi
Рет қаралды 48 М.
Kerim Gurbannepesow-Ýazmasy agyr düşen goşgy.
8:01
Ylham Çeşmesi
Рет қаралды 254 М.
Alex hid in the closet #shorts
00:14
Mihdens
Рет қаралды 10 МЛН
Sigma Kid Hair #funny #sigma #comedy
00:33
CRAZY GREAPA
Рет қаралды 32 МЛН
КАК ДУМАЕТЕ КТО ВЫЙГРАЕТ😂
00:29
МЯТНАЯ ФАНТА
Рет қаралды 9 МЛН
Juma Yazmyradow goshgy dost
6:13
Mukam Yazmyradow
Рет қаралды 24 М.
Mahtumkulu Firâki - Gelse Gerektir
10:33
Chamil Basayev
Рет қаралды 63 М.
Kerim Gurbannepesow - Taýmaz baba (poema) | awtor okaýyş
1:45:50
MAGTYMGULY PYRAGY - GEÇER YARANLAR
2:34
Goşgular diyary
Рет қаралды 52 М.
Posolok we Topolok | Juma Ýazmyradow we beýlekiler
12:51
Ylham Çeşmesi
Рет қаралды 15 М.
Tapdym Öz Ýarym Seni
3:53
Atabay Cargulyyew - Topic
Рет қаралды 26 М.
Magtymguly Pyragy-Harap eylar, ( Korona Virus )
2:51
Wepa Jumayew
Рет қаралды 201 М.
Kerim Gurbannepesow -Ýazmasy has agyr düşen goşgy
12:46
Ylham Çeşmesi
Рет қаралды 82 М.
Kerim Gurbannepesow. Ýürek poemasy
36:37
Aly Perman
Рет қаралды 20 М.
Alex hid in the closet #shorts
00:14
Mihdens
Рет қаралды 10 МЛН